12-nji dekabrda Aşgabatda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň türkiýeli we eýranly kärdeşleri bilen duşuşdy. Bu dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň paýtagtynda ýurduň “hemişelik Bitaraplyk” statusyny almagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän seýrek halkara forumyň çäginde amala aşyryldy.
Hökümet tankytçylary Türkmenistanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda alan Bitaraplyk durumyny özüni üzňeleşdirmek, sebit we halkara meselelerinden çetde durmak hem-de ýurtda şahsyýet kultuny güýçlendirmek üçin ulanýandygyny aýdýarlar.
Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ençeme daşary ýurt liderleri, hökümet ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri geldi diýip, resmi metbugat habar berýär.
Foruma gelen daşary ýurt liderleri 12-nji dekabrda Aşgabatda Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýýarlar.
Forumyň dowamynda çykyş eden Putin türkmen prezidentine ýüzlenende, onuň familiýasyny säwlik bilen aýdan pursady sosial media ulanyjylarynyň ünsüni çekdi. Bellesek, Putiniň käbir daşary ýurt liderleriniň atlaryny jemgyýetçiligiň öňünde gaýta-gaýta ýalňyş aýtmagy öň hem bolupdy.
Forumyň öňüsyrasynda Kreml Putiniň Aşgabatda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan we Türkýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen hem aýry-aýrylykda duşuşygynyň meýilleşdirilendigini habar beripdi.
Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň göwrümli urşunyň dördünji ýylyna girmeginiň arasynda, ABŞ-nyň howandarlygynda mümkin parahatçylyk ylalaşygy boýunça alnyp barylýan gepleşikleriň ýyjgamlaşmagy bilen, Putiniň NATO agzasy Türkiýäniň lideri bilen geçirjek gepleşikleriniň dowamynda ara alyp maslahatlaşjak meseleleri üns merkezinde saklanýar.
Kremliň Putiniň Erdogan bilen geçiren gepleşikleri bilen bagly ýaýradan beýanatynda, taraplaryň ukrain meselesini, sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça hem giňişleýin pikir alyşandyklaryny habar berdi.
Soňra Russiýa-Türkiýe gepleşikleri dar düzümleriň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Duşuşyga yzy bilen Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif hem goşuldy. Makalanyň taýýarlanan pursady gepleşikleriň mazmuny boýunça taraplaryň hiç biri resmi beýanat bilen çykyş etmedi.
2022-nji ýylyň fewralynda Kremliň Ukrainadaky başlan giň göwrümli urşy barada, umuman, häzire çenli dymyp gelýän türkmen metbugatynda hem, 12-nji dekabryň öýlänine çenli ýagdaýa laýylykda, Russiýa-Türkiýe gepleşikleriniň mazmuny boýunça hiç hili maglumat berilmedi.
Durky täzelenen "Bitaraplyk" binasy
Aşgabatda ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda durky täzelenen "Bitaraplyk" binasyna gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Habarçylarymyz bu çärä ýüzlerçe býujet işgärleriň, studentleriň dagy daň bilen mejbury gelmeli edilendigini aýdýar.
"Paýtagtyň ýüzlerçe býujet işgärini, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymyny we studentini resmi taýdan irden 9-da başlamaly çäre üçin, daňdan 4-de 'Bitaraplyk' binasynyň öňünde topladylar. Monumente goýmaly gülleri hem özümize satyn aldyrtdylar. Adamlaryň nobaty ýüzlerçe metre ýetdi diýsem ýalňyşmaryn. Indi döwlet mediasy muny hepdeläp efirden aýyrmaz" diýip, bu mejbury çärä gatnaşdyrylan bilim işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Durky täzelenen Bitaraplyk binasy
BMG-niň açyk-gök reňkine täze çaýylan 'Bitaraplyk' binasynyň beýikligi 83 metr, üstündäki el gaýşaryp duran ozalky awtoritar lider Saparmyrat Nyýazowyň altyn çaýylan heýlekiniň beýikligi bolsa 12 metr bolup, binanyň jemi 95 metrdigi bellenilýär. Maglumata görä, bu sanlar ýurduň bitaraplygy alan gününiň senesini, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny alamatlandyrýar.
Çäklendirmeler
Halkara çäreden ençeme hepde ozal Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatdan gelen ýaşaýjylary türkmen paýtagatyndan öz ýaşaýan sebitlerine hem mejbury ugradyp başladylar. Mundan başga, 8-12-nji dekabr aralygynda paýtagtyň esasy köçeleri petiklendi, awtobus gatnawlary üýtgedildi we gijeki klublaryň işi çäklendirildi. Şeýle-de, dilegçiler we arakhorlar wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirildi, öýsüz itdir-pişikler zäherlenip öldürildi.
"Foruma gelen myhmanlaryň geçjek köçeleriniň iki tarapyny ýörite suw daşaýjy ulaglara şlangalary dakyp, ýokary basyşly suw pürkdürip ýuwdular. Suw penjirelerden öýleriň içine syzyp, diwalary, haly-palaslary we öý goşlaryny öl-myžžyk etdi. Biz hökümetiň daşary ýurtly myhmanlarda položitel bir şekil döretjek bolup, göz üçin edýän hereketlerinden ýadadyk" diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 11-nji dekabrda giçlik habarçymyza gürrüň berdi.
Çäklendirmeleriň çäginde ilata resmi dabaralar geçip gutarýança toý-sadakalary bermek, şol sanda çadyrlary guramak gadagan edildi.
Türkmenistanda 11–13-nji dekabr iş güni däl diýlip yglan edildi we Bitaraplyk güni mynasybetli 231 tussagyň günäsi geçildi. Azatlyk günäsi geçilen raýatlaryň arasynda syýasy bendi hasaplanylýan türkmenistanlylaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmeýär.
Degişli maglumat Aşgabat welaýat ýaşaýjylaryny ‘kowup’, dilegçileri wagtlaýyn tussag edip, it-pişikleri 'ýok edip', halkara foruma taýýarlanýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.